turklehceleri.org

daglamak

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

daglamak

[da:ğlamak], işl. 1. Gyzdyrylan demir bilen dag basmak, tagmalamak. 2. Gyzgyn ýa-da ýiti ajy zat bilen ýakmak, bişirmek. Gyzyl burç owurdyny daglap geçdi. 3. Eti, sogany we ş.m. ýagda gyzartmak, gyzardyp bişirmek. – Dogranja etlerimi derrew daglap geleýin – diýip, ene aşhana ugrady. 4. Tamdyrda, otda gyzdyryp ýörite taýýarlamak (dutaryň gapagyny). Dutaryň gapagyny daglap, perdesini baglady, kirşini sazlap, gulaklaryny towlady (“Nejep oglan”). 5. Tebipçilikde bedeniň agyrýan ýerine gyzdyrylan orak ujuny ýa-da demir basmak, çitnemek. Onuň arkasyny çitnäp dagladylar. 6. göç.m. Biriniň kemçiligini, nädogry eden işini ýüzüne diýmek, ýüzüne basmak. 7. şahyr. Ýaralamak. Kesip jigerin daglaýan... Naçar gerekdir ýigide (“Görogly”).


Axir izdelgen sözler: