böwür
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
böwür
I, at. 1. Biliň gapdal tarapy, bykyn tarapy. 2. Garnyň art aýakdan başlanýan gapdal tarapy (haýwanlarda). Düýäniň böwri. 3. Bir zadyň bir gapdaly, tarapy. Gazanyň gyralary gädik-gädik, böwründe çat açan ýeri hem bar. 4. ser. Dul. Jaýyň gap böwründe bir maýa ýaly gelin hamyr ýugurýardy.
‣ Böwri bükgüldemek ynjalyksyzlanmak, birahatlanmak. Bu ýagdaý böwrüniň bükgüldisini artdyrdy. Böwrüne doňuz diňini salmak gymyldaman, diň salyp durmak, diňşirgemek. Ol böwrüne doňuz diňini salýar, bagşysyna gözlerini agdaryp seredýär (N.Saryhanow). Böwrüni garaltmak atyp öldürmek. Böwrüňi diňlemek öz ýanyňdan bir zat hakda birneme oýlanmak, pikir öwürmek, diňşirgenmek. Ol bir zat ýadyna düşüp, böwrüne diň saldy. Gap böwür jaýa giren ýeriňde, köplenç, gapyň çep tarapynda gap-gaç goýulýan dul. Jaýyň gap böwründe oturan birnäçe gelin-gyz öz aralarynda haly nagyşlarynyň üstünde jedelleşýärdi (A. Gowşudow).
BÖWÜR II, at. Pendi nusgaly haly gölleriniň ikisiniň aralygynda ýerleşýän içi nagyşly ownuk göljagazlar.
Axir izdelgen sözler:
- Kambala,
- tilemchilik,
- ýalawunç,
- abhorrence,
- hasis,
- perspective,
- dimension,
- partladılma,
- Üşenmek,
- prin,
- köməc,
- substansiya,
- birsi,
- dalbınmak,
- naw,
- fateful,
- feragat,
- caat,
- imla,
- Çağalanmaq,
- inçeleme,
- böwür