boý
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
boý
I, at. 1. Adamyň, haýwanyň ýa-da başga bir zadyň uzynlygyna (beýikligine) ölçegi. Onuň boýy deň-duşlarynyňkydan uzyndy. Guwanyp boýuňa ösdürer seni, Geljegiň arzuwlap sanar her güni (M. Myşşyýew). 2. Doly ösüş, kämilleşiş derejesi. Irki erikleriň eýýäm boýy ýetipdi, alma saralypdy (B. Kerbabaýew). 3. Derýanyň, ýabyň, suwuň we ş.m. ýakasy, kenary, gyrasy ýa-da bir zadyň ugry. Ýap boýlarynyň her ýerinde bir düýp tut, uzakdan bolsa, hellewläp erik agaçlary görünýärdi (B. Kerbabaýew). 4. Ýyl, asyr ýaly sözleriň yzyndan gelip, "ýyllaryň dowamynda, asyrlaryň dowamynda"manysynda ulanylýar. Türkmenleriň asyrlar boýy garassyz bolmak arzuwy 1991-nji yylda hasyl boldy.
‣Boý almak ösmek, ýetjek derejesine çenli ulalmak. Häzirki wagtda giçki kelem, käşir hem gowy boý alýar (“Türkmenistan”). Ynha, şol mahalky oturdylan nahallar häzir kemsiz boý aldy, gür bag bolup ýetişdi (“Türkmenistan”).
BOÝ II, at. Durmuşa çykmadyk ýa-da öýlenmedik. Biri hem boý, jemi dört gyzy bar (N. Saryhanow). Boý ýigit.
BOÝ III, at, edeb., kön.s. Iri göwrümli eseriň bir bölümi, baş. "Gorkut ata" eposy on iki boýdan ybarat.
BOÝ IV, at, ösüml.d. Jöweniň bir görnüşi.