beýni
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
beýni
at, anat. 1. Adamyň we haýwanyň nerw ulgamynyň merkezi bölegi; adamyň pikirleniş agzasy. 2. göç.m. Akyl, aň, aň-düşünje. Bu pikir onuň beýnisine pugta ornaşdy.
‣ Beýnä agram salmak köp pikirlenip, kelläňi agyrtmak. Beýnä urmak bir zadyň ýiti täsiri ýetip, başyňy aýlamak. Beýnisi bekemek kemala gelmek, ese-boýa galmak, akyly goýalyşmak. Beýnisi garyşmak pikiri bulaşmak, näme bolýanyny seljerip bilmezlik. Beýnisi işlemezlik paýhas edip bilmezlik, oýlanyşykly akyl ýetirip bilmezlik. Beýnisi öz ýerinde bolmazlyk akyly üýtgäp duran, ýeldirgän. Beýnisi sarsmak (çaýkanmak) 1) zarply urgy, gaty ýykylma we ş.m. zerarly beýnisine şikes ýetmek. 2) gahardan ýaňa çişmek, başy aýlanmak. Beýnisi ýuka akyly az, sähne. Beýnisi ýukarak birini taparyn (“Görogly”).