turklehceleri.org

aýak

Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)

aýak

I, at. 1. Adamyň, haýwanlaryň, mör- möjekleriň ýöremek üçin hyzmat edýän beden agzasy. Aýagy uly syganyn geýer, aýagy kiçi -söýenin (Nakyl). Aýak ýüwrügi daşa deger, dil ýüwrügi – başa (Nakyl). 2. Taganyň, oturgyjyň we ş.m. daýanjy, diregi, örki. Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar (Nakyl). 3. Bir ýeriň gutarýan ýeri, çägi, etek, çet, gyra. Ýabyň aýagy. 4. Döwrüň, wagtyň we ş.m. ahyry, soňy, gutarara ýakynlan möhleti. Häzir gyşyň aýagy. 5. Öldürilip paýlaşylýan malyň dörtden biri, çärýek. 6. Harman döwlende ortadaky uly üýşmek desseler bilen nermäniň aralygyndaky döwülýän bölegi. Olar ertirden bäri dört-bäş aýak döwdüler. 7. gepl.d. Petde etmek üçin ýyglan ýandak we ş.m. üýşmekleri. Bir aýak ýandak. 8. ýerli g. Aýagulagyň tigri, teker.
 ‣ Aýaga galdyrmak 1) işi ýola goýmak, ugrukdyrmak. 2) bir mesele üçin adamlary örüzmek, üýşürmek. Aýaga galmak 1) bir zadyň ugruna çykmak, aýak üstüne galmak, örmek. Agyr süri birden güpürdäp aýaga galdy (B. Seýtäkow). 2) saglygy oňatlaşmak, ganymatlaşmak, ganymat bolmak, daýanmak. Başda çyrçyklydy, daýandy çaga, Kem-kemden özi-de galdy aýaga (A. Kekilow). 3) ösüp başlamak, janlanyp başlamak, dikelip ugramak. Aýagy agyr 1) göwreli, iki gat, hamyla. Ol gelniň aýagy agyrdy. 2) işi ugruna bolmadyk, şowsuz. Aýagy bagly aýagy daňylan, erksiz. Aýagy bişen ýaly (dek) bir ýerde ynjalyk tapmaýan, bir ýerde durmaýan, zowzuldaýan. Ol aýagy bişen dek iki ýana zowzuldady. Aýagy duşakly ýaly aýagyny giňden açyp bilmän, çalt-çaltdan gysga ädimläp ýöreýän adama aýdylýar. Aýagy düşmek haýyrly, peýdaly bolmak. Sen gylawly ýigit ekeniň, aýagyň düşdi (“Görogly”). Aýagy düşsün! gelin alnanda wepaly bolsun, bagt getirsin diýen manyda edilýän arzuw. Aýagy egri aýagyny dogry basmaýan, aýagyny gyşyk basmak, ahlak taýdan arassa bolmazlyk, biwepalyk edýan, adamsyna ikilik edýän. Aýagy giden çapuwdan galan (at, bedew hakynda). Aýagyna ýykylmak birinden haraý gözlemek, ýalbarmak; ýazygyň geçilmegini haýyş etmek. Aýagyndan asylmak birine päsgel bermek, biriniň arzuwynyň amala aşmagyny görübilmezçilik etmek. Aýagyny baglamak (duşaklamak) öýli-işikli etmek, gelin alyp bermek, öýermek. Aýagyny gyşyk basmak ýaramaz hereket etmek (ahlak babatda), erbet gezmek, hata iş etmek. Aýagynyň astyny gazmak (köwmek) birine zyýan bermek, bökdemek, ýykmak üçin iş görmek. Aýagyny sallap gitmek biderek, nähak ýere tutulmak. Aýagyny süýremek kyn-da bolsa, daş ýere ýöräp gitmek. Aýagyny süýräp almak aýagyny ýerden galdyryp bilmänsoň, kynlyk bilen ýöremek. Aýagyňy uzyn salyp oturmak aýaklaryňy uzadyp oturmak. Aýagyň çekmezlik bir ýere, biriniň ýanyna barasyň, gidesiň gelmezlik. Emma bu gezek olaryň ýanyna baryp, gürrüňleşmäge bir hili aýagy çekmeýär (H. Derýaýew). Aýagyňy çekmek bir ýere, biriniň ýanyna barmazlyk. Ol ýoldaşynyň kimdigini tanandan soň, olardan aýagyny çekäýendir. Aýagyňy depip durmak düýpgöter garşylyk görkezmek, öz diýeniňi tutmak, ylalaşmazlyk. Onuň aýagyny depip durmagy meni oýlanyp görmeli etdi (N. Saryhanow). Aýagyňy dürs basmak dogry gezmek, özüňi gowy alyp barmak. Aýagyňy gyşyk basmak egrilik etmek, nädogrulyk goýbermek, ahlak taýdan özüňi erbet alyp barmak. Aýagyňy ýazmak dem-dynç almak, ýörelenden soň az wagt dynç almak. Aýagyňy ýerden üzmezlik hakykatdan daşlaşmazlyk. Ýalan sözleseňem, aýagyňy ýerden üzme (N. Jumaýew). Aýagyň ýelini almak (çykarmak) gezip keýpden çykmak, pyýada köp gezmek. Aýagy ýere degmezlik begençden, şatlykdan ýaňa ökjäň ýeňlemek, keýpiň kök bolmak. Aýagy ýer tutmak bir ýerde ornaşmak; her bir tarapdan guratlanyp başlamak. Aýak astyna salmak äsgermezlik etmek, har etmek, zaýalamak. Aýak astynda galmazlyk erbet ýagdaýa düşmezlik, äsgermezlik edilmezlik, har düşmezlik. Beýle maşgala hiç wagtda aýak astynda galmaz (B. Kerbabaýew). Aýak bagy bolmak 1) ýol ýörelende eýermän yza galyp, bile barýan ýoldaşyňa bökdenç döretmek. 2) birine päsgel bermek, hossa bolmak, dert bolmak. Aýak basmak girmek, başlamak (ýaş hakynda). Ol indi on üç ýaşyna aýak basdy. Aýak bermek harman döwlende ýabylaryň aýagynyň astyna täze galla desselerini dargatmak. Aýak bitmek ýöräp başlamak, aýaklanmak. Oňa ýaňy aýak bitipdi. Aýak çekilmek adamlaryň öýlerine ýygnanyp, daşda-içde gezip ýören adam bolmazlyk (gijäniň bir wagty hakynda). Aýak çekmek durmak, saklanmak. Aýakda galmak yzda süýrenmek, ilden yza galmak. Aýakdan galmak ýöremek ukybyny ýitirmek. Goja kyn düşse-de ýöremäge çalyşýardy, ýöremese, aýakdan galyp, otura bolaryn öýdýärdi. Aýak salmak depmek. Düýämiz şeýle bir sarç, ýat biri sagaýaýyn diýip golaýlajak bolsa, göni aýak salar. Aýak sekmek aralaşmak, gelmek. Aýak sesi ýörelende aýakdan çykýan ses. Aýak ujy ýatan adamyň aýagynyň ýetýän ýeri; aýak tarapy. Aýak üstünde hereketde, gaý-da-gaýmalaşyk, iş bilen gümra. Gün dogandan ähli kişi aýak üstündedi. Aýak üstünden oturman, aýak epmän. Ol aýak üstünden ejelerine baryp gaýtdy. Aýak üstüne galmak 1) Oturan ýeriňden turmak, dik durmak, turmak. 2) syrkawlykdan açylmak, gutulmak. Ol aýak üstüne galansoň, işine gitdi. 3) niýetine ýetmek üçin güýjüni gaýgyrman hereket etmek. Aýak ýeterde golaý- goltumda, baryp-gelmek mümkin bolan ýerde. Heý, şu golaýlarymyzda, aýak ýeterimizde dag barmy? (“Görogly”). Aýak ýoluna gitmek meýdana gitmek, ýazynmaga gitmek. Meret-de turup, çäkmenini egnine ýasgynjak alyp, çarygyny aýagyna gowaldaň sokup, aýak ýoluna gitdi (A. Durdyýew). Aýak ýygnanmak garaňky düşüp, daşarda, köçede gezip ýören adam galmazlyk, aýak çekilmek.


AÝAK II, at, kön.s. Käse, okara, pyýala, bulgur, bada. Saky, pyýalany gandyr, aýagy (“Saýatly – Hemra”).


AÝAK III, at. Kellebaşaýak. Aýda gelen aýak iýer, günde gelen – taýak (Nakyl).


Axir izdelgen sözler: