atylmak
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
atylmak
işl. 1. Atylýan ýaragdan ot açylmak. Top atylmak. 2. Ok bilen urulmak, tüpeňlenmek, ýaýlanmak. Guş atylmak. 3. taryh. Atuw jezasy ýerine ýetirilmek. 4. Taşlanmak, zyňylmak. Çöregiň ýere atylanyny gören dälsiň. 5. Ýazylmak; üsti örtülmek. Ýere ullakan palas düşelip, onuň üstünden-de ululy- kiçili haly hem halyçalar atylypdyr. 6. Sowrup saýlanmak (harman hakynda). Harman atylmak. 7. Bir ýaramaz zat biriniň üstüne ýüklenmek, ýöňkelmek. Töhmet atylmak. 8. Içilmek, ýuwdulmak (derman hakynda). Derman atylmak. 9. göç.m. Öňe okdurylmak, zymdyrylyp gitmek. Öýden atylyp çykdym. 10. gepl.d. Gaty öwnüp gürlemek, güplemek. Nämä atylyp otyrsyň, senem bolup bilseň ilçe barsyň-da!?