alkym
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
alkym
I, at. 1. Adamyň, haýwanyň eňeginiň aşak ýüzi. Gözel bardyr, uzyn boýly, alkymy, Garaňky gijede düşer ýalkymy (Magtymguly). 2. Bir zadyň öň ýany, garşysy, gaşy, golaýy . Meniň alkymyma dykylyp oturma! Ýary gijeden agandan soň, agyr güýjüni kerweniň alkymynda taýýarlap goýdy (A. Gowşudow).
‣ Alkym bagy boýuntyrygyň samaçowlarynyň aşaky uçlaryny baglaýan ýüp, bag. Alkymyndan almak 1) ýakasyndan berk tutmak, kekirdeginden tutmak, gözüni gögertmek. 2) al petinden almak, berk gaýtargy bermek, dogry gaýtawul bermek. Onuň ýarysy çyn, ýarysy ýalan gürrüňleri ýaşulynyň gaharyny getirdi, ol oturyp bilmän: "Bes et!" diýip, derrew alkymyndan aldy.
ALKYM II, at. Kärizden gowa bilen alynýan suwuň dökülýän çukury.