Zähmet
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
zähmet
at. l. Belli bir maksat üçin adamyň akyl hem-de beden güýjüni talap edýän iş. 2. göç.m. Azap, görgi, jepa. Ýeriň zähmetini çekmedik eşret görmez. 3. Oba ady.
‣ Zähmet bermek birini azara goýmak, işdengoýmak. Size zähmet berdim. Zähmet çekmek köp işlemek, köp güýç sarp etmek, azap görmek, jepa çekmek. Zähmet depderçesi gullukçynyň ýa-da işçiniň işlän döwrüniň dowamlylygy, alan sylaglary hem-de işine degişli başga bellikler görkezilýän depderçesi. Zähmet görmezlik bir işi etmegi, ýerine ýetirmegi kyn görmezlik. Sen, inim, zähmet görme- de, bazara gidip gel. Zähmet haky çekilen zähmet üçin tölenmeli hak, aýlyk. Işleýänleriň zähmet haky girdejiniň hasabyna barha ýokarlanýar. Zähmet okuwy zähmet terbiýesiniň möhüm bölegi bolan okuw sapagy. Zähmet öndürijiligi çekilýän zähmetiň ýerine ýetirilýändigi, işiň netijeliligi, ykdysady taýdan görkezijisi. Zähmet pälwany işde uly üstünlige eýe bolan, zähmetde özüni görkezen adam. Zähmet rugsady işçilere we gullukçylara ýylda bir gezek berilýän birnäçe hepdelik dynç alyş. Zähmet şertnamasy işgär bilen edara ýolbaşçysynyň arasynda zähmet hakynda belli bir möhlete çenli baglaşylýan ylalaşyk.