turklehceleri.org

şow

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

şow

I, at. Işiň gerekli ýa-da islenýän netijesi, üstünlik. Her bir zat şow işidir.
 ‣Şow almak rowaçlanmak, ugruna bolmak, oňat netije bermek, üstünlik getirmek, şowuna düşmek. – Işiňiz şow alsyn – diýip, olaryň giden ugruny ýüzüne syldy (R. Gelenow). Şowuna düşmek (bolmak) ser. Şow almak. Bu gezek olaryňky turuwbaşdan şowuna boldy (“Edebiýat we sungat”).


ŞOW II, syp. Göni, düz, tekiz. Şow akýan ýapdaky gamyş mysaly, Titreýärdi degip yşkyň şemaly (A. Kekilow).


ŞOW III, at. Suw degirmeniniň suwuny sowmak üçin ulanylýan kese ýap. Men suw harazynyň şowuna, köne obamyza tarap omuz berip, golaý bardym (R. Gelenow).


Son arananlar: