ýöne
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
ýöne
[ýö:nö], hal. 1. Deregine hiç zat alman, mugt, pulsuz. Bu kitaby men saňa ýöne berýärin. 2. Keýpine, peýwagtyna; biderek, sebäpsiz. Ýöne oturandan her zat edenini gowy görýän Bäşim çendan çagalar bilen "kim dürtdi" oýnaýardy (B. Kerbabaýew). 3. "Emma, weli" diýen ýaly garşylygy görkezýän baglaýjy. 4. Birsyhly, yzly-yzyna, yzygiderli, häli-şindi. Men işden çykjak, başarmaýaryn, ýüpler ýöne üzülip dur diýdi-de, lampa özüni aşak goýberdi (“Edebiýat we sungat”). 5. Adaty däl, hemişekilerden aýratyn. Bu gün ýöne bir gün däl, taryhy gün. 6. Diňe, ýeke. Ol gyrmyldy Çerkezi ýöne bir alada däl, ony iňkise goýdy (B. Kerbabaýew). 7. Has beter, halys, barha, gitdigiçe. Özüme näme bolýanyny-ha bilemok weli, ýöne ýere siňip barýan, ýerden galasym gelenok.
‣ Ýöne ýerden (ýere) sebäpsiz, bir zady göz öňünde tutman. Bu ýöne ýere aýdylýan sözler däl. Men bu zatlary ýöne ýerden aýdamok. Ýönesi bilen däl etjek hereketini, işini bilýän, ýuwaş däl, betje.