turklehceleri.org

ýelmeşmek

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

ýelmeşmek

I, işl. 1. Bir zada ýelmenip galmak, ýapyşmak, ýelim tutmak. Ýüzüme, saçyma ýelmeşen külke agaç galyndylaryny kakyşdyrdym (“Edebiýat we sungat”). Aýaga ýelmeşen toýun palçyklar edil ýelim ýaly aýrylmaýardy. 2. göç.m. Biri ýa-da bir zat bilen ýakyndan ysnyşmak. Çünki ýüregimem, aňymam şol dutara ýelmeşdi. 3. göç.m. Birine ýa-da bir zada daklyşmak, goşulyşmak. Ol öz öňünden ilkinji çykan maşyna ýelmeşdi.


ÝELMEŞMEK II, işl. 1. Ýelmemäge kömek bermek. Birnäçe bolup ýelmemek. Oglanlar bildirişleri ýelmeşip ýördüler.


Son arananlar: