turklehceleri.org

öň

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

öň

hal. 1. Biriniň, bir zadyň alyn, ýüz tarapy we şol tarapdaky ýer, giňişlik, meýdança. Jaýyň öňi. Myhmanyň öňünde saçak ýazyldy. 2. Häzirki wagtdan ozal. Meniň bilen gitjek bolsaň, öň näme işlediň, ýatladaýsaň bolmaýrmy?. 3. Beýlekilerden ilki. Onuň aty ýaryşa goşulan beýleki atlardan at gaýtarym öň geldi.
 ‣ Öňe düşmek (çykmak) ýolbaşçylyk etmek, ýol görkezmek. Öňe sürmek teklip etmek, üýtgeşiklik girizmek. Medeniýet işleriniň has giňelmegi üçin möhüm çäreler öňe sürüldi. Öňünde durmak hötde gelip bilmek. Adam gören ýaly-ha bolaýarsyň weli, men munuň öňünde nähili durarkam? (B. Seýtäkow). Öňünden çykmak 1) ýoluna çykyp garşylamak, garşy almak.Çagalar kakalarynyň öňünden çykdylar. 2) gaýtawul bermek. Indi onuň öňünden çykjak tapylarmyka? Öňünden gaçmak irgözin gamyny iýmek, öňünden taýynlanmak. Arman, sen öňünden gaçdyň, ýogsa bu ýumşa sen gitmelidiň. Öňünden geçmek ussatdan pata almak, özbaşdak işlär ýaly ygtyýar almak. Öňüni almak amala aşmazlygy üçin öňünden çäresini görmek, öňünden döremek mümkinçiligini ýok etmek, bir zadyň bolmagyna ýol bermezlik. Öňüni başlamak bir işe ilkinji bolup girişmek, başyny başlamak.


Son arananlar: