turklehceleri.org

öçmek

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

öçmek

[öçmök], işl. 1. Sönüp galmak, ýanyp gutarmak, sönmek. Çyralar bir wagt öçüpdi (B. Pürliýew). 2. Görünmez ýaly bolmak, süpürilip aýrylmak. Ýazylan hat öçüpdir. 3. Motorynyň (hereketlendirijisiniň) işlemesi kesilip, ýatyp galmak, durmak, sönmek (ulag hakynda). Awtobus birden öçüp galdy. 4. Gözüň nury, şöhlesi öçmek, peselmek. Onuň hiç birine-de mejaly ýetmän, gözleriniň şöhlesi öçdi-de gabaklary örtülip galdy (B. Kerbabaýew). 5. gepl.d. Esasan, işligiň buýruk şekilinde ulanylyp, "geplemäňi bes et, lal bol, sesiňi kes, sem bol" ýaly manyny aňladýar. Öç, gygyrma, aýryl, ýapyşma, gapyňy ýap! (A. Durdyýew).


Son arananlar: