turklehceleri.org

çişmek

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

çişmek

[çi:şmek], işl. 1. Bedene şikes ýetmek zerarly çiş emele gelmek, ýellenmek, pökgermek. Çörli aga gelip seredende, gelniň eli öňküden hem beter çişipdi (T. Taganow). 2. Ýel bilen dolmak, ýel almak, gübermek. Ýel berlen böwen ýaly çişmek. 3. göç.m. Biriniň üstüne gyzarylmak, haýbat atmak, herrelmek. 4. göç.m. Gaharlanmak, gahardan ýaňa dolmak. Özüniň gyzyna bir garybyň sawçy bolup gelenine hum ýaly çişipdir (“Türkmen halk ertekileri”). 5. Hondanbärsi bolmak, gopbamsyramak, güplemek, gabarmak. – Ýeri, çişme, özüni öweniň tanapy çüýrük diýipdirler. Özüňi öwme! 6. Gaty ýadamak, daljykmak.


Son arananlar: