turklehceleri.org

çaý

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

çaý

[ça:ý] I, at. 1. Çaýlar maşgalasyna degişli hemişe gök öwsüp oturan, gür şahaly, gyrymsy ösümlik. 2. Şu ösümligiň içmek üçin hyzmat edýän guradylan we ýörite işlenen ýapragy. Bir atymlyk çaý. 3. Şu ösümligiň guradylyp ýörite işlenen ýapragy atylyp demlenen ýakymly ysly içgi. Myrat aga aýbogdaşyny gurup çaý içýär (A. Durdyýew). Ol bir käse çaý içim salymda, ylla iner otlan ýaly etdi-de, ýerinden turdy (“Türkmenistan”).
 ‣Çaý içer (içim) salym az wagt, gysga wagt, çaý içer ýaly takmyn wagt.Çaý jogap etmek buşukmak. Çaý teýi çaý içilmezinden öň iýilýän, ýürekse edinilýän nahar. Myhmanhananyň bezegli otagynda ir bilen çaý teýi edinip otyrdyk (“Edebiýat we sungat”).


ÇAÝ [ça:ý] II, at. Suw akýan ýa-da bir wagt suw akan jar.


ÇAÝ [ça:ý] III, at, kön.s. Guýy. Kişiniň agasy şeýle bolarmy?! Gözün oýup çaý düýbüne salarmy?! (Halk aýdymyndan). Ýalňyz ogluň galdy çaýyň içinde, Öleni ýok, aman-esen diýgeý siz (“Hüýrlukga – Hemra”).


ÇAÝ [ça:ý] IV, at, ser. Çaýkel.


Son arananlar: