turklehceleri.org

Öri

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

öri

[ö:rü], at. 1. Mal bakylýan otluk ýer, meýdan, ýaýla. 2. Gidýän ýeri, gezýän ýeri. Daş örüsi öýden ses ýetimlik ýer boldy (“Edebiýat we sungat”). 3. göç.m. Gerim, aýtym. Ol döredijilik örüsini giňeltmäge çalyşýar.
 ‣Örüsi daralmak baryş-geliş edýän ýeri azalmak. Ýok goşunyň hiç aňyrsy-bärisi, Barha daralýardy hanyň örüsi (A. Köpekmergen). Örüsi giňemek 1) baryş-geliş edýän ýeri artmak, gatnaşyk edýän ýeri köpelmek. Örimiz giňedi ýuwaş- ýuwaşdan, Biziň üçin barha obamyz dardy (K. Gurbannepesow). 2) dünýäsi giňemek, aladasy, hasraty azalmak, asudalyk aralaşmak. Onuň örüsi giňemek bilen, durmuşa bolan talaby-da artdy (B. Kerbabaýew).


Son arananlar: