turklehceleri.org

uçurym

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

uçurym

[uçurum], at. 1. Ýelegi ýeten, ganat baglan, uçmaga ýetişen (çaga guş hakynda). Her ýyl garga çaga çykaryp, uçurym etjek bolan wagtlarynda ýaňky ýylan garganyň çagasyny gelip iýer eken (“Türkmen halk ertekileri”). 2. Orta mekdebi, ýokary, ýörite orta okuw mekdebini, hünärmentçilik mekdebini tamamlan (ýaşlar hakynda). Olar şu ýylky uçurymlaryň ylym-bilim derejesiniň has ýokarydygyny bellediler (“Türkmenistan”). Siz haýsy mekdebiň uçurymy?


Son arananlar: