turklehceleri.org

uky

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

uky

[u:ky] I, at. Belli bir wagt aralygynda doly ýa-da kem-käsleýin huşuňda bolman, yklap ýatmak ýagdaýy. Ballym, ukyň bal bolsun, Bagtyň açyk gül bolsun (G. Seýitliýew). Ol ukusyna diýseň sakdy (“Edebiýat we sungat”).
 ‣ Uka batmak uklamak, uklap ýatmak. Uka gitmek uklap ýatmak, uka batmak, uklamak, ýatmak. Oýandyrmaň ballymy, Ýaňyja uka gidipdir (Hüwdi). Dagyň goýnundaky janly-janawer uka gidipdi (B. Kerbabaýew). Ukudan galmak ukyňy alyp bilmezlik, bir sebäpden ýatmazlyk, uklamazlyk. Ökde çopanlar malyň baş sanyny artdyrmak üçin, semizligini ýokary derejede saklamak üçin uzak gijeler ukudan galýarlar. Ukudan goýmak uklatmazlyk, ýatyrmazlyk, ukusyny aldyrmazlyk. Çyrlap ýatmadyk çaga enesini ukudan goýdy. Ukusy gaçmak uklap bilmezlik, ukyň tutmazlyk, ýatyp bilmezlik. Şeýle bolsa-da onuň garny çekildi, eti döküldi, ukusy gaçdy (N. Saryhanow). Ukusyna sak uklaman saklanyp bilýän, ukusyna buýrup bilýän, erk edip bilýän. Ol ukusyna diýseň sakdy (“Edebiýat we sungat”). Ukyň gelmekser. Ukyň tutmak. Ukyň tutmak uklasyň gelmek, ýatasyň gelmek. Onuň ukusy tutýardy. Ukyňy almak gowy uklap turmak, ukudan doýmak. Ir ýatyp, mazalyja ukymy alypdyryn.


UKY [u:ky] II, at. Hudaýatylaryň tuduň, erigiň şahalarynyň ýüzünde çagalary üçin ýasanýan höwürtgesi.


Son arananlar: