turklehceleri.org

toý

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

toý

at. Biriniň ýa-da bir zadyň şanyna edilýän uly meýlis, şagalaň, dabaraly geçirilýän çäre. Ogul toýy. Gelin toýy. Jaý toýy. Ýaş toýy.
 ‣ Toýa garramak ýok toýuň gadyry gaçmaz, oňa soň görünseňem bolar. Toýa gatnaşaly ser. Toýda duşuşaly. Toýdan soňra – tomaşa etmeli wagty geçenden soň ediljek bolunýan iş, çäre hakynda aýdylýar. Toýdan soňra – tomaşa, orakdan soňra – hoşa (Nakyl). Toýda duşuşaly 1) toý ýerinde hoşlaşylanda aýdylýan arzuw. 2) ýas ýerinde "indi şeýle ýerde duşuşmaly bolmasyn!" diýen manyda ulanylýan hoşniýetli arzuw. Toýdan – topukça"toýdan näme ýetse-de razy bolmaly, nägile bolmaly däl" diýen manydaky aňlatma. Toýda tozsun "mydama toýda geýip ýyrt, toýlara ýarasyn, toýda geý" diýen manydaky aňlatma. Toý gatanjy biri toý edende garyndaşlary, dost-ýarlary tarapyndan kömek hökmünde berilýän zat. Toý gurmak 1) toý etmek. 2) şatlanyp meýlis etmek, şatlykly, şowhunly ýagdaýda oturyşmak. Ýigitler meýlishanada toý gurýardylar. Toý paýy toýda toýa gelenlere berilýän sowgat. Toýuň başyny tutmak toýy gurmak, toý edip ugramak. Emma weli öz ataň toýuň başyn tutmasa, Beýle toýuň bir ýany kem bor eken, dostlarym (K. Gurbannepesow). Toý ýaglygy toýa gelenlere içine toý paýy salnyp berilýän ýaglyk. Toýuňda gaýtsyn! "toýuňyza gatanç etmek bize-de miýesser etsin" diýen manyda ulanylýan aňlatma.


Son arananlar: