turklehceleri.org

syrmak

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

syrmak

[sy:rmak], işl. 1. Päki bilen düýbünden aýyrmak (saç, sakgal hakynda). Ol oglunyn başyny syrdy. 2. Bir zadyň üstüni, ýüzüni we beýleki ýerleri süpürmek, arassalamak, süpürip aýyrmak. Içerini syrmak. 3. Süpürip almak. Saman syrmak. 4. Ýazylgy düşekleri duran ýerinden alyp gitmek. Galtamanlar içerdäki düşekleriň derde ýararyny syryp gidipdir. 5. Açmak üçin aýyrmak (tuty, perde hakda). Bir zaman perdäni syrsaň ýüzüňden, Ak ýüzleri hally juwan islärin (“Görogly”). 6. Gynyndan, gabyndan sogrup çykarmak (pyçak, gylyç hakynda). Gylyjyny syrmak. 7.Ýoluň, ýabyňwe ş.m. ugry bilen gitmek. Olar kenar ýakasyny syryp gitdiler (“Edebiýat we sungat”). Ine, syryp ýörüs köçeleň boýun, Bir-birmiz tanaman, nobata durus, Geliň, syr saklaman, alalyň boýun, Sol daşy näçämiz göterip ýörüs (G. Ezizow). 8. Iş etmän, boş aýlanyp, gezip ýörmek. Näme beýdip köçe-köçe syryp ýörsüň?
 ‣ Çelpek syrmakçelpek ýapylýarka gazandaky bişen çelpekleriň ep-esli bölegini syryp alyp gaçmak (däp).


Son arananlar: