turklehceleri.org

oglan

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

oglan

[oğlon], at. 1. Erkek jynsly çaga, ogul çaga. Oglanlary kemala gelenlerinden soň, ikisi çopan-çoluk bolup gitdi, biri talabançylyk edip başlady (A. Gowşudow). 2. gepl.d., ser. Çaga. Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer (Nakyl). Oglana ýumuş buýur, yzyndan özüň ýüwür (Nakyl). 3. Ýetginjek, ýigdekçe, ýigit; ýaş. Gözenekden bakma, oglan, Göz-gaşyňy kakma, oglan (Halk döredijiliginden). 4. göç.m. Ýetginjeklere, ýaş ýigitlere, köplenç, gyzlar, ýaş gelinler tarapyndan ýüzlenilende aýdylýan söz. Ýeri, oglan, sen bu ýerde näme işleýärsiň? (B. Kerbabaýew).
 ‣Oglanlaryň ejesi erkek adamlaryň öz aýalynyň adynyň deregine käwagtlar ulanýan aňlatmasy. Geçen ýyl oglanlaryň ejesi çagalary bilen mellegimizi dyrmaşdyryp tohum atdy, ine ep-esli bugdaý çykdy duruberdi (A. Gowşudow). Oglanlaryň kakasy aýal maşgalalaryň öz adamsynyň adynyň deregine käwagtlar ulanýan aňlatmasy.

Dîvânü Lugâti’t-Türk Dizini (TDK)

oglan

oğlan, oğul, çocuk, çocuklar· I, 74, 119, 143, 192, 193, 208, 209, 240, 263, 286, 289, 293, 373, 386;II, 4, 19, 26, 74, 93. 121, 154. 209, 210, 212, 218. 244, 272, 294, 300, 302, 329, 340, 341, 344, 348, 351. 354, 366; III, 80,102,108,125,145,196, 202, 25


Son arananlar: