mydar
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
mydar
[myda:r], at. 1. Güýç, kuwwat, gurbat, ysgyn-deramat. Şol sapar Wepa agyr ýaralandy, onuň ýöremäge mydary galmandy (A. Gowşudow). 2. Sabyr, karar, takat, kanagat. Dat eder men, ýok mydarym, Mähribanym, tur ýeriňden! (“Görogly”). Aýalsyza mydar bolmaz, Dönseň hökmi-Süleýmana (Magtymguly). 3. ser. Mydara. Japbaklar Doýdugyň gapysyny terk edenlerinden soň, olaryň mydary has- da kynaldy (B. Kerbabaýew).
‣Mydar etmek ýagdaýa görä gün geçirmek, oňşuk etmek, oňňut etmek.