monjuk
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
monjuk
[mo:njuk], at. Çüýşeden, gymmatbaha daşlardan we ş.m. dürli görnüşde ýasalyp, sapaga düzülip, boýna, saça dakylýan bezeg. Aýnabadyň asmalygy, saç monjugy, saç ujundaky düwmeleri otursa-tursa şaňňyrdy bilen ses etdi (B. Kerbabaýew).
‣Göz monjugy göz degmezlik üçin boýna dakylýan, diwardan asylýan ýaşylymtyl-gök reňkli monjuk, göz-dil monjugy. Göz monjugy ýaly eýjegik, görmeklije, gelşiklije , gözleri ligirdäp duran (çagajyk hakynda).