turklehceleri.org

maňňal

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

maňňal

I, at. Ot ýygmak üçin uzyn saply, ýüzi dişelmedik oba hojalyk guraly, çalgy, aňňal. Maňňal bilen ot ýatyrmak.


MAŇŇAL II, at. 1. Bedre ýa-da bedre ýaly demir gabyň böwri deşilip, içi kerpiçlenip, suwalyp edilýän ojagyň bir görnüşi. Maňňalda goýlan kitir lakyrdap gaýnady. 2. Çişlik bişirilýän ýörite enjam. 3. gepl.d. Ullakan legen. 4. Bugdaý, arpa ormak, ot ýatyrmak üçin ulanylýan uzyn saply dik durup orulýan oba hojalyk guraly, aňňalyň ulurak görnüşi. Nury bolsa haýdap maňňalyny işledýärdi (Gurbanguly Berdimuhamedow, Döwlet guşy). Muny çalgy, aňňaldyr maňňal bilen orup bolanokdy (Gurbanguly Berdimuhamedow, Döwlet guşy).


Son arananlar: