turklehceleri.org

laý

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

laý

[la:ý] I, at. 1. Suwag üçin ýörite edilen palçyk. Özi bolsa laý edip, ojakdyr tamdyr ýasady (“Edebiýat we sungat”). 2. Suwuň köp ýatan ýerinde emele gelen palçyk, lüýk we olaryň syçrantgysy. Ýap-ýaňyja geýimlerini geýdirip goýberipdim welin, eýýäm laý edipdir (Ö. Abdyllaýew). 3. Jaý, haýat salmak, kerpiç guýmak üçin toýundan taýynlanan, agdarylyp eýlemi ýeten ýörite palçyk. Bagyň daşyna laýdan üç pagsa haýat çekilipdi (“Garagum”). 4. Dury bolmadyk, bulanyk. Al şeraba el uzatdym, emendim, Durusyn içmişler, laýa sataşdym (Magtymguly).
 ‣ Laýa batmak çykgynsyz ýagdaýa düşmek, heläk bolmak. Ömür saly laýa batar, Günbe-günden derdi artar (Magtymguly).


LAÝ [la:ý] II: bir laý boýdan-başa, başdan-aýak; bir ýola, bir gezek. Maşynyň töwereginde öwelişip duran bize bir laý göz gezdirdi (R. Gelenow). Bir laý (geýim hakynda) geýilýän eşiklerden bir sanysy. Çalşyrgyjy zady bolmaz, ähli geýimi ýeke laýdy (K. Gurbannepesow). Ol inisine bir laý kostýum-balak satyn aldy.


Son arananlar: