turklehceleri.org

kır

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

kär

[kä:r] I, at. 1. Okamak, tälim almak netijesinde öwrenilýän hünär, meşgullanylýan iş, pişe. Onuň käri mugallymçylykdy. 2. göç. m. Öwrenilen endik, edim-gylym. – Bu käre haçan baş urduň ? – diýip, ol sorady (“Edebiýat we sungat”).


KÄR [kä:r] II: kär etmezlik täsir etmezlik, täsiri ýetmezlik; peýda bermezlik. Gylyç galkana kär etmez, Tüpeň degse, daşdan geçer (“Görogly”). Biakyla akyl berseň kär etmez, Ezip gursagyna guýmak biläni (Zelili).


Son arananlar: