turklehceleri.org

kowmak

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

kowmak

[kowmok], işl. 1. Biriniň yzyndan ýetmek üçin ylgamak, söbügini sydyrdyp ylgamak. Menem onuň yzyndan kowdum (“Edebiýat we sungat”). 2. göç.m. Bir ýerden (öýden, işden we ş.m.) çykarmak, boşatmak. 3. Yzyna eýermek, yzyna eýerip goşup çalmak (saz hakynda). Diňe öz aýdymyny kowardy (“Edebiýat we sungat”). 4. Bir zady sürmek, sürüp äkitmek; bir ýerden ikinji ýere geçirmek. Sürini islän tarapyňa kowmak. 5. göç.m. Talagyny bermek, nikany bozmak, boşatmak.

Dîvânü Lugâti’t-Türk Dizini (TDK)

kowmak

kogmak, kovalamak, sürmek. II, 16;III, 183


Son arananlar: