turklehceleri.org

kebşirlemek

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

kebşirlemek

[kevşi:rlemek], işl. 1. Şaý- sepiň böleklerini, metallary biri-birine kebşir arkaly seplemek, tutdurmak. Zergär gülýakanyň göbegini kebşirledi. –Wyşkanyň kebşirlemeli ýeri bar diýipdiňiz, goý, Küle şony bitirsin (N. Baýramow). 2. göç. m. Jaýba-jaý goýmak;ýerbe-ýer aýtmak; ýerine düşürmek, ýerini bilip sözlemek, timarlamak, syntgylamak. Şeýle köp märekeli ýygnakda sözlemäge adatlanmany üçin, oňa aýtjak bolýan zadyny kebşirlemek aňsat däldi (B. Kerbabaýew). KEBŞIRLEMEKLIK [kevşi:rlemeklik], iş ady. Kebşirlemek ýagdaýy. KEBŞIRLEMEZLIK [kevşi:rlemezlik], iş ady. Kebşirlemek işini ýerine ýetirmezlik. KEBŞIRLENMEK [kevşi:rlenmek], işl. 1. Şaý- sep bölekleri, metal bölekleri biri-birine kebşir arkaly seplenmek. 2. göç.m. Iki zat biri-birine laýyk getirilmek, gabat getirilmek. Bu iki derwezäniň kebşirlenip gurluşy-da bir meňzeşdi (A. Gowşudow).


Son arananlar: