güýç
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
güýç
at. 1. Janly jandarlaryň özleriniň bedenleriniň kömegi bilen hereket etmäge bolan ukyby; işjeň hereket etmek üçin fiziki we ruhy mümkinçilik. Güýç bilen iteklemek. Güýç toplamak. Güýjuň gitmek. Täze güýç bilen işe girişmek. 2. fiz. Maddy jisimlere täsir edýän kuwwat hem-de onuň intensiwlik, dartgynlylyk derejesi. Güýç birligi. Toguň güýji.Agyrlyk güýji. Ýeliň güýji. Ýer titremesiniň güýji. 3. Bir zat öndürmeklige ýardam berip biljek ähli enjamlar hem-de hünärli adamlar. Kärhananyň güýjüniň ýeterlik bolmagy ugrunda çalyşmak.4.Başarnyk, gujur-gaýrat; kuwwat. Öz güýjüňe daýanmak.Öz güýjüňe okuwa girmek. Iliň güýji – siliň güýji (Nakyl). 5. Täsir edijilik derejesi. Dermanyň güýji bilen ýaşamak. 6. Harby birikmeler, ýaragly goşun. Harby-howa güýçleri. Ýaragly güýçler.ţ7.Oglana dakylýan at.
‣ Güýç bermek güýçlendirmek, kuwwatlandyrmak, güýjüni artdyrmak. Güýçden gaçmak halys bolmak, hereket etmäge ýagdaýy bolmazlyk. Güýç deňlemek iki tarapyň hem güýji deň bolmak, deň gelmek. Güýç goşmak güýji artdyrmak, gurplandyrmak, güýç birikdirmek. Güýç sarp etmek güýç goýmak. Güýç synamak bir işde öz ukybyňy, gaýratyňy, başarjaňlygyňy barlap görmek. Güýç ýygnamak 1) dynç almak, oňat iýmitlenip kuwwatlanmak. 2) urşa taýýarlyk görmek, goşun toplamak. Güýje girmek 1) gurlup, salnyp gutaransoň, işläp başlamak. 2) kanun, höküm ýaly zatlar doly kanuny bolmak. Gara güýçler adalatlylyga, parahatçylyga we adamlaryň rahat durmuşyna howp salýan täsirli güýçler. Gara güýjüň bilen eliňde, aýagyňda bar bolan beden güýjüni ulanmak arkaly.Ol dikilgi pürsi gara güýji bilen itip ýykjak boldy.