turklehceleri.org

güllemek

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

güllemek

[güllömök], işl.1. Gül açmak, gül çykarmak, gül getirmek. 2. Keçe edilende dürli gülleri basmak, nagyş salmak. Keçe güllemek. 3. göç.m.Ýokary ösüş derejesinde bolmak, pajarlap ösmek. 4. göç.m. Içip oturan çaýyň keýpini görmek, hezil edip çaý içmek. Gök çaýy gülläp otyrdylar.5. Bişirilýän çöregiň ýüzi gara-gara ýanyk bolup gallygmak. Şu günki bişiren çöregimiz gülläpdir. 6. Hal işligiň –p goşulmasyny kabul eden güllemek işliginden soň gelmek kömekçi işligi gelip, täze manyly düzümli işlik ýasalýar: Gülläp gelmek gülläp ugramak. Şol gapdaldan asuda öwüsýän salkyn şemal ýaňy gülläp gelýän gowaçalary ýadawsyz sypalaýardy (Ö. Abdyllaýew). Gülläp ösmek hemmetaraplaýyn gowulaşmak, ajaýyp keşbe gelmek; güýçli ösmek. Biziň gülläp ösýän ajaýyp ýurdumyz bar.


Son arananlar: