turklehceleri.org

gözel

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

gözel

[gözöl], syp.1. Owadan, görmegeý, gelşikli. Gözel gyz. 2. Ajaýyp, ajap, örän oňat. Şäher öňküsindenem gözel görnüşe girdi (“Edebiýat we sungat”). 3. göç.m. Aýal, gyz maşgala, zenan. Gözel alsaň aryflara gulak goý, Syratyn sözleýir ýagşy syn bilen (Magtymguly). 4. Gyza dakylýan at.
 ‣ Gözel göwnüň! öz isläniňi et, erk-ygtyýar özüňde. Maňa ýoldaş bolup bilmejek bolsaň, onda näme, gözel göwnüň, men-ä gitdim.


Son arananlar: