goýun
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
goýun
I, at. 1. Goşa toýnaklylar maşgalasynyň süýdemdirijiler toparyndan bolup, süýt, ýüň, et üçin saklanýan öý haýwany. Mesligi goýun göterer (Nakyl). 2. Müçe ýyl atlarynyň sekizinji ýylynyň ady, koý.
‣ Goýun göz garamtyl goňur göz. Goýun iti 1) kellesi ullakan, gulagy, guýrugy kesilen daýaw türkmen iti; 2) goýun sürüsini ýyrtyjy haýwanlardan goraýan türkmen iti. Goýun ýaly ýuwaş, bet däl. Goýun ýaly adam.
GOÝUN II, at, kön.s. Gujak. Düýşümde bir adamzat gelip, meniň goýnuma girdi (“Görogly”). Mätäjini sal goýnuňa, Teňňe dakyn döşleriňe (Mätäji).