turklehceleri.org

gep

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

gep

at. 1. Pikir alyşmak üçin aýdylýan söz, gürrüň. Bir gep az, iki gep kän (Atalar sözi). 2. Biri hakynda edilýän gürrüň, gybat. Gyz bar nep getir, gyz bar gep getir (Nakyl). 3. Birine berilýän wada, äht. Birden gepinden dänäýse nädip bor? 4. Maslahat, geňeş. Biz bularyň gepi bilen bu ýere gelen däldiris (“Görogly”). 5. göç.m. Esasy iş, mesele. Gep, elbetde, çynlakaý işlemekde.
 ‣ Gep atyşmak biri-biriň bilen sanaşyp oturmak. Gep başy bolmak gep-gürrüňiň sebäpkäri bolmak. Men gepbaşy bolanyma gynanýaryn. Gep bermek bir zat hakynda biriniň ýüregini çişirmek, birini başga biriniň garşysyna küşgürmek. Birisine gep berip, ol birine al berme! (Mollanepes). Kim-de bolsa biri muňa gep berip, ýüregini çişiripdir öýdýän (A. Gowşudow). Gep çagalatmak ser. Gepi köpeltmek. Bize gep çagaladyp oturmak nämä gerek?! Gep çekmezlik biriniň aýdan ýerliksiz sözüne söz bilen gaýtawul bermek, gaýtargy bermek. Gep çintgemek gepiň maksadyna, manysyna düşünmek üçin yzly-yzyna soramak. Hoşgeldi bu hakda mundan artyk gep çintgemegi islemedi (A. Gowşudow). Gepde tutulmak gepiň ýalan çykmak, iki hili gürläp, özüňi paş etmek. Gepe düşmez aýdylan gürrüňe düşünmeýän, dikdüşdi, keçje. Sen-ä bir gepe düşmez adam ekeniň-aý! Gepe galmak bir bolgusyz hereketiň üçin gürrüňiň edilmek. Gepe gitmek biriniň aýdan sözlerine ynanyp, nädogry hereket etmek. Gep getirmek 1) ýaramaz hereketiň bilen hossaryňy biabraý etmek; 2) şugulçylyk, gybat üçin maglumat ýygnamak, gybat toplamak. Gep gezdirmek biriniň gürrüňini ikinji birine aýtmak, gürrüň ýaýratmak, gybat etmek. Gepi başga ýana sowmak edilýän gürrüňden ünsi sowmak, esasy gürrüňden gyşarmak. Magtymguly gepi başga ýana sowup jogap berdi (G. Kulyýew). Gepi iki çykmak ýalan sözlemek. Gepi köp özüniň nähili pikir edýänini, nireden gopýanyny bilmesi kyn, köp gepli. Ol gepi köp adamdy. Gepi köpeltmek her hili gürrüň, bahana tapmak. Gepiňi köpeltme, ýöräber! (B. Seýtäkow). Gepiň astynda galmak gyjalatly gep-gürrüňiň eýesi bolmak, öz adyňa ýakymsyz gürrüň aýdylmak. Iliň gepiniň astynda galmajak bolsak, ynamy ödemeli bolarys. Gepiň başyny agyrtmak bir zat hakynda köp gürrüň etmek, her hili gürrüňe ýetmek. Gepiň eýesi bolmak özüň hakynda ýaramaz gep-gürrüň edilmek, gybatyň edilmek. Gepiň gerdişine görä gepiň ýeri gelende, gabady gelende. Gepiň gerdişine görä, beýleki oturanlar hem Babanyň tarapyny tutdular (R. Gelenow). Gepiň gysgasy gürrüňiň gutaran ýeri, gepiň tümmek ýeri, umuman aýdanda. Gepiň gysgasy, hojalygyň ýagdaýy bütinleý üýtgedi (“Edebiýat we sungat”). Gepiňi gögertmek öz aýdanyňy etdirmek, öz teklibiňi geçirtmek, eňegiňe tutup, diýeniňi etdirmek. Gepiň körügi, ýeriň ýarygy"gowulykdan başga bar zat senden turýan eken" diýen manyda ulanylýan aňlatma. Gepiň tümmek ýeriser.Gepiň gysgasy. Gep nokatlamak şol bir gürrüňi köp gezek gaýtalamak, takal okamak, gürrüňi uzaltmak. Men bu ýere siziň bilen gep nokatlaşyp-oýnaşyp oturmaga gelemok (A. Gowşudow). Gep owadanlamak hiç zat etmän, dilde hemme zady ýerbe-ýer etmek. Ol gep owadanlady. Gep urşundan (urşy) birine bir zat diýşinden, gürrüň berşinden, gep atyşyndan, gepleýşinden, gürrüň edişinden. Adamyň kimdigini onuň gep urşundan aňmak bolýar. Myhman, gaty görme, siziň gep urşuňyz gülmez ýaly däl (N. Saryhanow). Gep ýençgilemek ser. Gep nokatlamak. Gep ýençgiläp oturmalyň-da, netijä geleliň. Gep ýokmaz hiç hili söz täsir etmeýän, diýleni etmeýän, nesihat almaýan. – Sähet, ol gep ýokmaza töwella etme, goýber! – diýdi (A. Gowşudow).

Uygurca – Türkiye Türkçesi Sözlüğü (Kurban, 2016)

gep

f. Söz, kelime. Béhude gep – Saçma, laf, palavra. Quruq gep – Boş laf. Gep tarqidi – Söz dağıldı. Héch gep emes – Birşey değil. Hemme gep shuningda – Bütün mesele şunda. Néme gep? – Nedir? Héch gep yoq – Hiçbir şey yok. Gep tushughuchi – Söz taşıyıcı; dedikuducu. Gep toqumaq – Dedikodu yapmak. Xewer gep – Haber söz. Ündesh gep – Ünlem söz. Soraq gep – Soru söz. Gep qayturmaq – İtiraz etmek; karşı söylemek. U gep qilmay qaldi – O sustu; O konuşmadı. U kishige héch gep kelmeydu – O kişiye hiç söz gelmez. Gep sanjimaq – Kinaye etmek. Geptin gep chiqti – Sözden söz çıkb. Gepke kirmeydighan adem – Söz dinlemez adam. Gep tingshimaq – Söz dinlemek. Gep tegiship ketmek – Ağız kavgası yapmak. Gep satmaq – Laf satmak. Gepke salmaq – Konuşturmak.


Son arananlar: