gaýra
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
gaýra
I, at. 1. Demirgazyk-Gündogar aralykdakly tarap, ileriniň garşysyndaky tarap. Gaýradan bir adam gelýär. Soň bular gaýrak giden yzy yzarlap gitdiler (A. Gowşudow). 2. Yz, arka, ýeňse. Gaýra çekilmek. 3. Geljek wagta, indiki wagta, soňa. Etmeli işiňi gaýra goýma.
‣ Gaýra durmak çetde durmak, çeke durmak, goşulman durmak. Gaýra üzülmek keselliniň keseli ýagşylanan ýaly bolup, gaýtadan beterlemek, ýaramazlaşmak, gaýralamak. Gaýra ýaşamak ýetmez- çilik we ş.m. sebäpli özüňi kemsidilen ýaly duýmak, etjegiňi edip bilmezlik. Magtymguly gaýra ýaşar, Mert ärden hany bolmasa (Magtymguly). Malsyz mertler köp hor eder başyny, Myhman gelse, gaýra ýaşar ýaşyny, Edebilmez köňli halan işini, Gurguly harjysy, puly bolmasa (Zelili).
GAÝRA II, hal, gepl.d., ser. Gaýta 1. Içine-de çöwüp, bäş-alty gaýra depdi (“Görogly”).