turklehceleri.org

gapmak

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

gapmak

I, işl. 1. kön.s. Ýapmak. 2. Gözüň oňüni baglamak, gozüň öňüni tutup, görmez ýaly etmek, kör etmek. Gözüňi gapyp barýan söhle. 3. Gulagyň öňüni baglap, eşitmez ýaly etmek, ker etmek. Gaty açylan telewizoryň sesi gulagyňy gapyp barýar. 4. Dolmak, tutmak. Gözüne tüsse gapyp, birbada hiç zat görmedi. Bir ýiti zadyň-a ysy bar, içerini gapyp barýar.
 ‣Sesiňi gapmak sesiňi kesmek, bes etmek, lal bolmak. Ol gahary içine sygman: “Gap sesiňi!” diýip gygyrdy.


GAPMAK II, işl. 1. Howadaka tutmak, ýere düşürmän eliňe almak, oklanan zady ýere düşmänkä tutmak. Batly urlan topy gapmak. 2. Agyz salmak, dişlemek (at,düýe we ş.m. hakynda). Düýe köşegini gowy görse, hem deper, hem gapar (Nakyl). 3. goç.m. Iýmek. Bäş menzilden bedew atlar çapar men, Her menzilde sermes guzy gapar men (“Görogly”).


Son arananlar: