turklehceleri.org

gabyr

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

gabyr

[gavyr], at. Merhumyň jaýlanýan ýeri, meýit, jeset gömlen ýer, mazar, gör. Gölegçiler baranlarynda, onuň gabry gazylyp gutarylypdy (B. Kerbabaýew).
 ‣Gabryňda (görüňde) dik oturasyň (gargyş) “Ýagşylyga ýüzüň düşmesin, ol dünýäde-de ejirden dynma” diýen manydaky gargyş. Gabryň gazyldymy? barmasyz ýere baranyňda aýdylýar. Olarda gabryň gazyldymy? Näme üçin bardyň? Gabryň gyrasyndan gaýtmak zordan ölmän galmak. Öňki çagamyz bolanda-da, aýalym gabryň gyrasyndan gaýtdy (N. Pomma). Gabyr azabyndan bolsun! “Şu dünýäde çeken azabyň o dünýäde hasap edilsin”diýen manyda aýdylýan söz. Gabyr bol (gargyş). Gabyr et gödek s. ýok et, güm et, ýitirim et. Gabyr gysan ýaly dar.


Son arananlar: