turklehceleri.org

ertir

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

ertir

[erti:r], hal., at, syp.1.Dowam edýän günüň yz ýanyndaky gün, bu gün däl, geljekki gün, indiki gün, erte. Men-ä ertir irden turmaly (T. Gurbanow). 2.Günüň, gündiziň başlanýan wagty, ir ertir. Gerdişi keç gahba pelek elinden, Ertiri şat bolan öýlän gülmedi (Magtymguly). Saňa ertirden agşama çenli garaşdyk. 3.at. Ir ertiriň ady. Agşamyň haýryndan – ertiriň şeri (Atalar sozi). 4. syp. Ir bilen içilýän çaý, ertirlik. Remezan ertir çaýyny içip boldy-da, ojagyň başynda tirsegine ýaplanyp gyşardy (B. Seýtäkow). 4. göç.m. Geljek gün, erte. Sen ertiriňi gaýgy edýän adam däl ahyry?! 5. Yslam dininde parz hasaplanýan bäş wagt namazyň ilkinjisiniň okalýan wagtynyň we şol namazyň ady. Ýaşulular ertir namazyna durdular. Ol ertirini okady.
 ‣ Ertiriňiz haýyrly bolsun! "şu gün size peýda getirsin, bagt bersin, ýamanlyga ýüzüň düşmesin, işiňiz şowly bolsun" diýen manylary aňladýan alkyş sözi. Ertiriňiz haýyrly bolsun, goňşy!


Son arananlar: