eje
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
eje
at.1. Çagany dogran aýal, çaganyň enesi; ene. Çaga-da eje diýip aglar, uly-da (Nakyl). 2. Ýaşy bir çene baran aýala hormat bilen onuň adynyň soňundan getirilip aýdylýan söz. Ýaňy Bossan eje diýilýän tebip geldi.3. gepl.d. Kakaň aýal doganynyň (jigisiniň) adynyň yzyndan getirilýän söz. Abadan eje.
‣ Ejem ogly özüni oňarmaýan, elinden iş gelmeýän, nalajedeýin, lellim oglan.