turklehceleri.org

düzetmek

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

düzetmek

[düzötmök], işl.1. Abat etmek, abat- laşdyrmak, oňatlaşdyrmak, abadanlamak. Ýollary düzetdik. 2.Ýola goýmak, kadalaşdyrmak, ugruk- dyrmak. Hojamuhammet Arslanyň jany sag bolsa, ol hemmesini düzeder (B. Seýtäkow). 3.Düzediş girizmek. – Ýene bäş ýyldan dilçi bolarsyň – diýip, Kyýas düzetdi (N. Jumaýew). 4. Dogry etmek, göni etmek, dograltmak, göneltmek. 5.Kemini-kössüni ýok etmek, bejermek. Muny şark-şurk edip düzederis.6. göç.m. Dogry ýola salmak, durmuşdaky kemçiliklerinden halas etmek.


Son arananlar: