turklehceleri.org

döwlet

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

döwlet

[döwlöt] I, at. Hökümetiň ýolbaşçylygynda häkimiýete eýelik ediji we ýurdy dolandyryjy edaralar hem-de şol ýurduň özi. Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwleti.


DÖWLET [döwlöt] II, at. 1. Uly baýlyk, mal- mülk. Meniň malym, döwletim hem bar, emma munuň ýaly janly altyn aşygym ýok (H. Ysmaýylow). 2. göç.m. Bagt, oňat durmuş, abadançylyk. Atam, röwşen boldy gözüň, Hatasy ýokdur bu sözüň, Açyldy talyg ýyldyzyň, Saňa döwlet geldi bolgaý (“Görogly”). 3. Oglana dakylýan at.
 ‣Döwlet guşuňy uçurmak bagtyň ýatmak, işi gaýtgynlyga uçramak. Pelek urup, döwlet guşun uçuran, Zary-girýan aglar han sesin aňsa (Magtymguly). Ýat eýlesem şul dünýäniň geçişin, Golumdan uçurdym ol döwlet guşun (Mollanepes).


Son arananlar: