desga
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
desga
[desğa:], at. 1. Dürli görnüşli we dürli maksat üçin niýetlenen gurluşyk. Bu desga geljek nesillerimiz üçin suw bolçulygyny döredip, ene topragymyzyň bereketini has-da artdyrar (Gurbanguly Berdimuhamedow. Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). 2. Dabara, toý üçin görülýän taýynlyk, tutum. Desgasyny üpjün edip, onuň yzyndan ugratdylar (“Görogly”). Özüňe göwnüň ýetýän bolaýbilse ýagşydyr, myhman, hanyň tutan desgasy gaty uludyr (N. Saryhanow).