turklehceleri.org

daşgyn

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

daşgyn

[da:şğyn], at. 1. Suwuň joşup, kenardan agmagy; joşgun. Daşgyn derýa dek gaýnasam, Mansur dek darda oýnasam, Kaknus kimin ot çeýnesem, Taparynmy, balam seni? (“Hüýrlukga – Hemra”). 2. Oglana dakylýan at.


DAŞGYN [daşğy:n] I, syp., ser. Daşary II. Mekdepden daşgyn geçirilýän işlere özüne degişli bolmadyk, bolgusyz bir iş hökmünde garaýardy (A. Gowşudow).


DAŞGYN [daşğy:n] II, syp. Golaý, ýakyn bolmadyk, garyndaşlyk taýdan daş, ýakyn däl. Ýygnanyşdy obadaşlar, Içginler hem daşgynlar (K. Gurbannepesow).


Son arananlar: