turklehceleri.org

dagmagdan

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

dag-magdan

[da:ğ-mağda:n], syp. Açyk, ýerasty we suwasty ýerlerden gazylyp alynýan tebigy baýlyklara degişli bolan. Ýurdumyzda dag-magdan işi uly depgin bilen barýar.
 ‣ Dag-magdan işleri ýerden peýdaly magdanlary gözlemek ýa-da gazyp almak üçin magdan gazylyp alynýan ýerleri iş ýagdaýynda saklamak boýunça alnyp barylýan işler. Dag-magdan senagaty gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň känlerini gözläp tapmak, olary gazyp almak we ilkinji işläp bejermek boýunça önümçilik pudaklarynyň toplumy. Dag-magdan ylmy peýdaly magdanlaryň känleriniň ýerleşişleriniň tebigy şertleri, dag-magdan işleri geçirilende, magdan gatlaklarynda bolup geçýän jisim hadysalary, peýdaly gaty magdanlary gazyp we baýlaşdyrmak usullary hem- de magdan känlerinde önümçiligi howpsuz we tygşytly guramak hakyndaky bilimleriň toplumy.


Son arananlar: