turklehceleri.org

bolmak

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

bolmak

[bolmok], işl. 1. Bir ýere barmak, geçirilýän bir çärä gatnaşmak. Ýygnakda bolmak. Toýda bolmak. 2. Gutarmak, tamamlanmak, bes etmek. Men başlan işimi boldum. Ot-da gara gan bolup, her näçe haýdasam-da, işimi bolup bilemok. 3. Bir ýerde az-kem ýaşamak. Men obada bäş ýyl boldum. 4. Bir käri, hünäri, wezipäni, bilimi, täri we ş.m. eýelemek. Çopan bolmak. 5. Dogulmak, dünýä inmek. Bahanam akja bäbek, bildir bolsaň bolmaýarmy?! (gelinler tarapyndan aýdylýan aýtgy). Enebaý eje bu goh- galmaga oýanyp, ýorganlarynyň üstünde oýaly-ukuly gözlerini owkalap oturan Aba bilen Ýusupberdä: – Balalam, ogul jigiňiz boldy – diýip, lak atdy-da, täze dogan çaganyň sesi çasly çykýan tama tarap döndi (Gurbanguly Berdimuhamedow, Älem içre at gezer). 6. Belli bir şekilde gelen bolmak işliginden soň barmak kömekçi işligi gelip, täze manyly düzümli işlik ýasalýar: Boljak bolmak bolmaga synanyşmak, bolmaga çalyşmak. Bolup barmak bir işi tamamlamaga, gutarmaga ýakynlamak. Başlan işiňi bolup barmak. 7. Bolmak kömekçi işliginiň öňünden hal isliginiň -up, -üp, -yp, -ip, -p goşulmasyny kabul eden işlik gelip, gymyldy-hereketiň tamamlanandygyny aňladýan düzümli işlik ýasalýar: Okap bolmak okamak işini tamamlamak. Ýazyp bolmak ýazmak işini gutarmak. 8. Öten zaman ortak işliginiň barlyk hem ýokluk şekilinden soň bolmak kömekçi işligi gelip, täze many öwüşginli düzümli işlik ýasalýar: Iýen bolmak iýesi gelmese-de, göwünli- göwünsiz iýmek. Almadyk bolmak alasy gelse-de, almazlyk, almadyksyramak. Düzedişdiren bolmak göwünli-göwünsiz düzedişdirmek. Atyň aňyrsyna geçip, uýanyny gaňtaryp, atyň ýallaryny düzedişdiren boldy (A. Durdyýew). Bilmedik bolmak bilse-de, bilmezlige salmak, bilmediksiremek.
 ‣ Bolan bolup durşy ile göwni ýetmeýän ýaly, hondanbärsi bolup durmaklyk. – Onuň bolan bolup durşy nähili gyz, kimdirin öýdýärkä? Bolup duruş 1) bir işiň tamamlanyş ýagdaýy. Işlerimi bolup durşum, entek çaý-naharam edinemok. 2) özüni alyp baryş (öňünden hal isligiň ýokluk şekili getirilip ulanylýar). Onuň bir çetde ile goşulman bolup durşy nähili? Boljagy bolmak halanmaýan derejä baryp ýetmek, ýaramazlaşmak, erbetleşmek. – Sen-ä boljagyňy bolupsyň, heýem beýle iş bolarmy? Boljagy bolup, boýasy siňmek (synmak) adam gartaşan ýa-da başga bir zada uçrap, kyn ýagdaýa düşende oňa täze mümkinçilikleriň dörärinden döremezliginiň ýakyn halatynda aýdylýan aňlatma. – Biziň-ä indi boljagymyz bolup, boýamyz siňipdir – ýaşymyzam bir çene baran, okamak, işlemek, öwrenmek gezegi siz ýaly ýaşlaryňky. Bolmajysy bolmak hil bir zatdyryn öýdüp, edýän hereketinde, aýdýan sözünde we ş.m. ýagdaýlarda çenden çykmak, öte geçmek. Ol dostunyň toýunda içip, tans edip, aýdym aýdyp, garaz, bolmajysy boldy.

Karaçay-Malkarca – Türkiye Türkçesi Sözlüğü (Nevruz, 1991)

bolmak

olmak, meydana gelmek, husule gelmek. Tanbıla cıyılıv bollukdu: yarın toplantı olacak, alay bolurğa madarı cokdu: öyle olması mümkün değil, bir cuk da bolmaz: bir şey de olmaz, ne bolğandı: ne oldu, bola turğan zat: ola gelen şey, bolup a ne bollukdu: olsa da ne olacaktıki, teñleriñe ülgü bol: emsallerine örnek ol, ol seni neñ boladı: o senin neyin oluyor, bolsa berir edim: olsaydı verirdim, sabiyçik ullu bolup baradı: çocuk büyüyüp gidiyor, aç ~: acıkmak, belgili bolmak: belli olmak, mıdah ~:üzüntülü olmak, bolduñ endi: yettin artık, bolluk iş tüldü: olacak iş değil, tansık ~: özlemek, bir da bolmasa: hiç olmazsa, bolsa: olsa, bolmaz kalmaz bolsa Soslannı saylarıkma: başka seçenek yoksa Soslan’ı tercih edeceğim, kaydabolsa da: nerede olsa da, cılay cılay sokur boldu: ağlaya ağlaya kör oldu, nasıplını balası bara bara baş bolur-nasıpsıznı balası da bara bara caş bolur(as): talihlinin çocuğu gidi gide baş olur-talihsizin çocuğu da gide gide çocuklaşır.

Dîvânü Lugâti’t-Türk Dizini (TDK)

bolmak

olmak· I, 26, 36, 37, 42, 47, 49, 51, 53, 54, 55, 59, 62, 64, 66, 69, 75, 79, 82, 89, 92, 93, 95,104,115, 138, 139, 186, 192, 200, 205, , 219, 243, 250, 251, 252, 288. 307, 309, 318, 322, 325, 326, 330, 333, 342, 348, 349, 358, 369, 390, 400, 402, 410, 42


Son arananlar: