turklehceleri.org

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

[a:ý] I, at. 1. Ýere iň ýakyn asman jisimi, hereketi boýunça Ýeriň ýeke-täk tebigy hemrasy. Arzuwymdyr Aýa elim ýetirmek, Üzülmesin ýöne aýagym ýerden (M. Seýidow). 2. Ýylyň on ikiden bir bölegi, senenama hasaby boýunça 28, 29, 30 ýa-da 31 güni öz içine alýan wagt aralygy. Aýyň ýigrimisi. Bir aý. On aý. 3. Tahýa, köýnege, aýal maşgalalaryň aýak geýiminiň agzyna salynýan aý şekilli nagyş.
 ‣ Aý agyllamak aýyň daş-töwereginde agymtyl halka emele gelmek. Aý berip oturmak tegelenip oturmak, döwre gurap oturmak. Aý görjek ýaly siňe seretmek, boýnuňy süýndürip äňetmek. Aý hasaby aýyň dogup-ýaşyşy boýunça ýöredilýän hasap, hijri- kamary hasaby. Aý tutulmak Aýyň ýüzüne Ýeriň kölegesi düşmek. Aýy-güni dolmak 1) çaga dogar wagty gelmek, bolmak. 2) öler wagty ýakynlamak, ölüm pursaty gelmek, sanaglysy dolmak. Aýy-güni ýetik dokuz aý on güni dolan, dogmaly wagty gelen. Onuň yzy bilen aýaly hem dünýäden ötdi, aýy-güni ýetik çaga hem enesiniň garny bilen gitdi (“Görogly”). Aýyň bölegi (parçasy) ýaly örän owadan, görmegeý, aý ýaly. Aý ýaly örän owadan, aýyň bölegi ýaly. Aý ýaly gelin. Dolan aý ýagty düşýän tarapy doly suratda ýere tarap öwrülip, tegelek görnüşe eýe bolan Aý (garşylykly manydaky taýy: helal Aý).


AÝ [a:ý] II, at. Suwda ýaşaýan balyk, gurbaga we başga jandarlaryň dem alyş agzasy.


AÝ I, Ikirjiňlenmgi, ökünji, belli bir derejede kanagatlanmagy, ýaýdanmagy we ş.m. aňladýan ümlük. Aý, özüňiz bir zat edersiňiz-le!


AÝ II, "Eý" manysyndaky ümlük. Aý, pirim, bular- a toýdan gelip, toýa barýarlar, islegleri şatlyk bilen tomaşa (Keminäniň şorta sözlerinden).


Son arananlar: