turklehceleri.org

açylmak

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

açylmak

işl. 1. Ýapylýan, gulplanýan zatlaryň gulpuny we ş.m. aýyrmak ýagdaýy. Tamyň gapysy açyldy. 2. Eplengi zat ýazylmak. Şemala depderiň sahypalary açylyp gitdi. 3. Gep-gürrüňe başlamak. Şygyrdan söz açyldy. 4. Özleşdirilmek (tarp ýer hakynda). Täze-täze ýerler açylýar. 5. Başdaky gyňajy, agyzdaky ýaşmagy, ýüzdäki nikaby we ş.m. syrylyp, ýuwaşjadan aýrylmak. 6. Başlanmak, açyk diýlip yglan edilmek (ýygnak hakynda). Ýygnak ir bilen açyldy. 7. Bagly, daňylgy, düwlen zady çözmek. Toýpaý berlen düwünçek hem açyldy. 8. Ýazgyn hala geçmek, açylmak (gül hakynda). Bahar geldi, gül açyldy, Meniň gülüm açylmazmy? (“Şasenem – Garyp”). 9. göç.m. Keýpi kök bolmak, keýpi saz bolmak, geçisi ýaýramak, gül-gül açylmak. Çaý degen wagty käwagt açylyp, gürrüň ediläýmesem bar (H. Garabaýew).


Son arananlar: