turklehceleri.org

aldyrmak

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

aldyrmak

[allyrmak], işl. 1. Almak işini başga birine etdirmek. Çagajyk ejesine buzgaýmak aldyrdy. 2. Ýanyňdaky zadyňy ogurlatmak, gidermek. Ol jübüsindäki pullarynyň barjasyny aldyrypdyr. 3. El, aýak we ş.m. synaň haýsy hem bolsa birinden mahrum bolmak. Uruşda aýagyny aldyrdy.
 ‣ Aldyrany bar ýaly örän gyssagly, alňasak, howlukmaç, elem-tas, etek alty, ýeň ýedi. Bir adam aldyrany bar ýaly bolup içerik girdi. Eginlekden garynlak, semizliginiň derdinden gözleri çala çyzylyp duran bir adam, aldyrany bar ýaly bolup girdi-de, haşlap aýak çekdi (G. Gurbansähedow). Aldyryp ugramak üstünden düşmek, köteklemek, käýemek. Özüňi aldyrmak biriniň göwnünden turmak, adamlara ýarap bilmek. Akylly gelin ilki bilen gaýyn enesine özüni aldyryp ugrar.


Son arananlar: