turklehceleri.org

agşam

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

agşam

[ağşam], at. 1. Gün ýaşyp, garaňky gatlyşan wagtynyň ady. Agşamyňyz haýyrly bolsun! (Alkyş-dileg). 2. hal. Gün ýaşyp, garaňky gatlyşan wagty. Aýly agşam Aýy gördüm, Gaýyp boldy bu derdim (Aýdym). Adaty endigine görä, ol her gün ir bilen hem-de agşamlaryna mallardan, çopanlardan habar tutýardy (“Türkmenistan”). 3. Yslam dininde parz hasaplanýan bäş wagt namazyň dördünjisiniň okalýan wagtynyň we şol namazyň ady. Ýaşulular agsam namazyna durdular. Ol agşamyny okady. 4. Agşamyna geçirilýän medeni çäre, ýygnanyşyk. Beýik akyldara bagyşlanyp, edebiýat agşamy geçirildi.
 ‣ Agşamyňyz haýyrly bolsun! "giç ýagşy" manysyndaky aňlatma. Agşam güli köpýyllyk bezeg ösümligi, gijegözel.


Son arananlar: