turklehceleri.org

şeýtan

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

şeýtan

[şeýta:n], at. 1. Adamlary aldap, azdyryp, ters ýola salýan hyýaly jandar, iblis, melgun. Nebse uýma, şeýtan raýyna gitme, Gyjalata goýar, bilgil bu işi (Magtymguly). 2. göç.m. Aldawçy, mekir, hilegär; ýeser. Emma ony towlaýan bir ala şeýtan bar (A. Gowşudow).
 ‣ Şeýtana sapak beren örän hilegär, mekir, köp bilmiş. Şeýtan deşikler sazç. dutaryň owazynyň dury we ýakymly çykmagy üçin gapagynyň ýüzünden edilýän owunjak deşikler. Şeýtan eşegi sazç. dutaryň gulagy bilen şeýtan perde aralygynda goýulýan eşek. Şeýtan herrik dutaryň kirişlerini kädä birikdirmek üçin goýlan enjam. Şeýtan perde sazç. dutaryň iň ýokarky perdesi. Şeýtanyň şägirdi dogrusyny aýtmaýan kezzap, ýalançy.


Last searches: