ýürek
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
ýürek
[ýürök] I, at. 1. Adamyň, haýwanyň döş boşlugynyň çep tarapynda ýerleşýän merkezi gan aýlanyş agzasy. 2. göç.m. Adamyň ruhy dünýäsini jemleýän agza. Şeýle hem bolsa, her sapar ýola atlananda ýüregi ezilýärdi, närahat pikirler üstüni basýardy (G. Kulyýew) 3. göç.m. Bir ýeriň, ýurduň ýa bir zadyň iň esasy ýeri, merkezi. Ýurdumyzyň ýüregi Aşgabatda gurulýan binalar diňe bir başga şäherlileri däl, aşgabatlylaryň özünem haýran galdyrýar. 4. göç.m. Güýç-kuwwat, gaýrat. Tüweleme, bu işe hötde gelip bilen bolsaň, sende ýürek bar! 6. Mis kündügiň iki gapdalynda owadanlyk üçin güberçek edilip goýulýan ýürek şekilli nagyş.
‣ Ýürege düşmek halys etmek, irizmek, ýadatmak, bizar etmek. Horazyň sesi baýyň ýüregine düşdi (“Türkmen halk ertekileri”). Ýürege dykyn bolmak bir zatdan kine galmak. Onuň aýdan sözleri ýüregime dykyn bolup dur. Ýüreginden önen özünden bolan perzent, çaga. Ýüregiňden turmak göwnüňe, islegiňe görä hereket etmek, sözlemek, aýtmak, göwnüňden turmak. Edil meniň ýüregimden turupsyň, balam! Ýüregiň dilinmek gaty haýpyň gelmek, rehimiň inmek, gaty gynanmak. Ýüregiň dykylmak işdäň zat alman, bir hili ýüregiň petiklenen, dolup duran ýaly bolmak. Ýüregiň ezilmek gaýgylanmak, pikire batmak, ejizlemek. Onuň her sapar ýola atlananda, ýüregi ezilýärdi.Ýüregiňe daş baglamak näme bolsa, şol bolsun edip, kesgitli karara gelmek, ölsem öleýine salmak. Ýüregiňe düşmek 1) aýraçylykda halys göresiň gelmek. Oglum, seni şeýle bir küýsedim, seni şeýle bir göresim geldi, şeýle bir ýüregime düşdüň! Ýürege düşmek 2) Bizar-peteňiňi çykarmak, iňirdäp ýadatmak, irizmek. Soňra ýene-de ýagşylyk edenine minnetdarlyk bildirip, halysýürege düşdi (N.Jumaýew). Ýüregiňe düwmek bir işi ýa-da bir zady ýerine ýetireýin diýip, öňünden belli bir karara gelmek, belli bir pikire gelmek. Ýüregiňe galyp bolmak ser. Ýüregiňe jüňk bolmak. Ýüregiňe howul düşmek ýürek daralyp, näme etjegini bilmez ýagdaýa düşmek. Ýüregiňe jüňk bolmak göwnejaý, makul bolmak, göwnüňe ýaramak, galyp bolmak. Kulynyň bu aýdanlary Näzik ejäniň ýüregine jüňk boldy (A. Durdyýew). Ýigidiň aýdanlary gyzyň ýüregine jüňk boldy.Ýüregiň etmezlik dözmezlik, dözmezçilik etmek. Karz pul sorap geldi welin, ýene- de berdim-dä, ýüregim etmedi. Ýüregiň giňemek ýüregiň aram tapmak, rahatlanmak, arkaýynlaşmak, ynjalmak. Ýüregiň gobsunmak janlanmak, gujur- gaýrat gelmek, höwes döremek. Ýüregiň gopmak bir zada juda begenip ýa-da bir zatdan gorkup, howsalaly ýagdaýa düşmek. Ýüregiň gysmak tukatlyk duýmak, keýpsiz ýagdaýa düşmek. Dym-dyrslyk gabap alyp daşyny, Aýlaryň ýüregi gysyp başlady (B. Kerbabaýew). Ýüregiň gyýym-gyýym bolmak ýüregiň awamak, örän gaty gynanmak. Ýüregiň howlamak ýüregiň içiňe sygman, sabyr-karar tapmazlyk. Ýüregiň jiglemek nämedir bir zady göreniňde ýa-da bir zat hakda eşideniňde gynanyp gitmek. Ejesiniň zeýrenýändigini eşidip, Baharyň ýüregi jigledi (A. Gowşudow). Ýüregiň joşmak ruhuň göterilmek, höwesiň artmak, möwç almak. Garybyň ýüregi joşup, Şasenemi taryp edip, bir gazal aýtdy (“Şasenem – Garyp”). Ýüregiňi bire baglamak uzak oýlananyňdan soň belli bir netijä gelmek. Ýüregiňi (içiňi) dökmek özüňi alada goýýan zatlaryň baryny aýtmak, gürrüň edip bermek. Ýüregine dolan derdini döküp, az-da bolsa ony ýeňledesi gelýärdi (B. Seýtäkow). Ýüregiň içiňe sygmazlyk bir zady bilip, görüp-eşidip, dartgynly, aladaly ýagdaýa düşmek. Göreniňi derrew aýt, oglum, bolmasa ýüregiň içiňe sygman, ýüregiň ýarylyp ölersiň (“Görogly”).Ýüregiňi eliňe almak gaty howlukmak, gyssanmak, alňasamak. Iň bärkije diýjegi: "Sen näme beýle ýüregiňi eliňe alýarsyň. Holha pylanynyň kätmenem ýatyr, goý-da gidiber" diýer (A. Durdyýew). Ýüregiňi giňlige salmak dargursak bolman, giň bolmak, bir zada gaharyňy getirmezlik. Ýene men ýüregimi giňlige saldym (T. Gurbanow). Ýüregiňi gopdurmak begençden ýa-da gynançdan gaty gorkuzmak, gaty tolgundyrmak. Ýüregiňi paralamak jan-dil bilen aýtmak, yhlas bilen, tüýs ýürekden aýtmak. Ýüregiň karar tapmak ser. Ýüregiň ýerine gelmek. Heý-de karar taparmy, Nurgeldiniň ýüregi, Her günde hamyr ýugrup, gora gömüp çöregi (M. Seýidow). Ýüregiň mynçgalamak 1) ýürek agyrysyny duýmak, ýüregiň ezilmek. 2) ýüregiň gysmak, darykmak. Özüniň oňa bolan mähri ýüregini mynçgalady (B. Kerbabaýew). Ýüregiň posuny açmak göwün açmak, aýdym-saz diňläp hezil etmek, şatlanmak. Ýüregiň syrylmak gaty ajykmak, iýesiň gelmek. Çaý içip, adamlaryň ýürekleri syryldy. Ýüregiň takat tapmazlyk karar tapmazlyk, ynjalmazlyk, rahatlanmazlyk. Çaşyrýar, üýşürýär öýde her zady, Mundan-da ýüregi tapman takaty (A. Kekilow). Ýüregiň ýarylmak gaty gorkmak, zähräň ýarylmak. Men-ä: "Näme bolaýdyka?" diýip, ýüregim hem ýaryldy (H. Derýaýew). Ýüregiň ýerine gelmek rahatlanmak, ynjalmak, karar tapmak, arkaýynlaşmak. Ýüregi urmak (gürsüldemek)ser. Ýüregiň gopmak.Emma ara näçe ýakynlaşdygyça, Berdiniň ýüregi urup, aýaklary saňňyldamaga başlady (H. Derýaýew). Ýüregi ýelli howsala düşegen, göçgünli, sähel zada gahary gelýän. Ýürek açmak birine syryňy aýtmak, içiňdäki oý-pikiriňi gürrüň edip bermek. Gel, şu gün ikimiz biri-birimiziň öňümizde ýüregimizi açyşaly (B. Seýtäkow). Ýürek alyşmak biri-biriňe ynam bildirmek, syr alyp, syr berişmek. Maňa ýürek alyşmaga ýürekdeş dost gerek! (H. Derýaýew). Ýürek awamak gaty gynanmak, ýüregiň gyýylmak, nebsiň agyrmak. Ýürek awusy iň ýakynyň ölümi bilen bagly ýüze çykýan gynanç, hasrat. Ol öz töwereginde kimiň baryny-da ýada salman, ýürek awusy bilen hüňürdedi (B. Kerbabaýew). Ýürek bilen yhlas bilen, höwes bilen, bar güýjüň-ukybyny gaýgyrman. Ol ýürek bilen işleýärdi. Ýürek bökdürmek şatlykly, guwançly ýa-da tolgundyryjy ýagdaýa salmak. Şol habar onuň ýüregini bökdürmäge başlady.Ýürek bulamak bolgusyz söz ýa erbet habar aýdyp gynandyrmak. Her ýaman söz ýürek bular, Ýagşyny älem arzuwlar (Magtymguly). Ýürek bulanmak ýakmaz zat iýilmegi sebäpli gaýtarjak ýaly bolmak. – Dat, ördek dost, ýüregim bulanyp, başym aýlanýar – diýip gygyrýar (“Türkmen halk ertekileri”). Ýürek byjyklamak bir zady ýerine ýetirjek, berjaý etjek bolup, gaty howlukmak, durup bilmezlik. Gyzy görüp durmasa, ýigidiň ýüregi byjyklap, üzülip barýar (“Edebiýat we sungat”). Ýürek çatlamak gaty howlukmak. Gözeliň sesini eşidenden bolsa onuň ýüregi çatlady. Ýürek çişmek gaharyň gelmek. Bu gürrüňe onuň kakasy bilen ejesiniň ýürekleri çişdi (A. Gowşudow). Ýürek daglamak ýürekde dag galdyrmak, gynandyrmak. Ýürekde arman galmak edeýin diýen zadyňy edip bilmän ahmyrly bolmak. Ýürekde dag galmak bir zatdan ýürekde dert galmak. Ýürekde dert (düwün) goýmak ser. Ýürekde dag galmak.Ýöne, Uzuk elden gidäýse, meniň ýüregimde dert goýar (H. Derýaýew). Ýürekde mesgen tutmak ýürekde ornaşmak, ýerleşmek. Ýürekde beýle mesgen tutan söýgi, hiý-de, dänermi? (H. Derýaýew). Ýürek edip bilmezlik batyrlyk edip batyrylyp bilmezlik, bogny ysmazlyk, ýöwsellik etmek.Emma muny çürt-kesik aýdyp oturybermäge ýürek edip bilmedi (B. Seýtäkow). Ýürek etden adamyň dözmezlik, gyýmazlyk, rehimi inmek ýaly duýgulary oýananda aýdylýan aňlatma. Ýürek sarsdyrmak ser. Ýürek gopdurmak.
ÝÜREK [ýürök] II, at. Içinde aýal maşgala, çaga arkaýyn oturar ýaly palasdan, halydan we ş.m. düýäniň howudynyň üstünde edilýän aýlaw. Oňa ýürek geýdirip, düýebaşlyk dakdylar (R. Gelenow).